Ýewropada «Ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň bazarlarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi. Sylaglama dabarasy 2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarda Brýusseldäki awtosalonyň çäklerinde geçiriler.



Netijede, finala Citroen C5 Aircross, Fiat Grande Panda, Mercedes-Benz CLA, Škoda Elroq, Dacia Bigster, Kia EV4 we Renault 4 çykdy. Bu awtoulaglar Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň brendlerinden 36 sany dalaşgär awtoulagyň arasyndan saýlandy.



Bäsleşigiň emin agzalary Ýewropa Bileleşiginiň 23 ýurdundan 60 žurnalistden ybarat. Barselonada soňky synaglar geçirilenden soň her bir emin agzasy ýeňijini kesgitlemek üçin iň gowy modelleriň arasynda 25 baly paýlar.

Finalçylaryň käbiri eýýäm bu bäsleşikde tapawutlanyp ýetişdi: geçen ýyl gysga sanawa Citroen, Renault, Dacia we Kia awtoulaglary girdi. Şol wagt eminler ýeňşi birbada iki modele – Renault 5 bilen onuň Alpine A290 wersiýasyna berdi.



