Ýewropanyň iň güýçli ekzaflops superkompýuter Jupiter resmi taýdan Germaniýanyň Yulix şäherinde satuwa çykaryldy. Nvidia kompaniýasy tarapyndan öndürilen prosessorlara esaslanýan we sekuntda kwintillion amallary ýerine ýetirip bilýär. Bu san takmynan 10 million adaty noutbukyň güýjüne deňdir.
Serginiň geçirilişi
Taslama Fransiýanyň IT topary Atos we Germaniýanyň ParTec kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Açyk dabarada Germaniýanyň kansleri Fridrix Mers bu model Ýewropa ABŞ we Hytaý bilen emeli intellekt ugrunda bäsleşmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Kompýuteriň mümkinçilikleri
Hünärmenleriň pikiriçe, superkompýuteriň biotehnologiýada, howanyň üýtgemegi boýunça gözleglerde we ylymyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, Ýewropa daşary ýurt sanly hyzmatlaryna garaşlylygyny ep-esli azaldyp biler. Şeýle-de bu superkompýuter täze ylymlary özleşdirmekde kömek eder diýip garaşylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby
Ilhamowa Jeren


