Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasy (ESO) C/2024 G3 (ATLAS) kometasynyň suratlaryny hödürledi. Suratlar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çiliniň Atakama çölündäki Paranal obserwatoriýasynyň çäginde düşürildi. Bu ýer astronomiki gözegçilikler üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanylýar.Kometa 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda öz orbitasynyň Güne ýakyn bolan nokadyna – perigeliýa ýetdi. Şeýlelikde, ol biziň ýyldyzymyza 13 mln km ýakynlaşdy.
Bu waka ESO-nyň astronomlaryna kometany jikme-jik surata düşürmäge mümkinçilik berdi.Daşdan, tozandan we buzdan ybarat bolan kometalar Güne golaý gelende öz maddalarynyň bir bölegini ýitirip, guýruk emele getirýär. Paranalda düşürilen suratlarda C/2024 G3 (ATLAS) kometasynyň uly guýrugy aýdyň görünýär, ol buzuň sublimasiýasynyň netijesidir. Bu obserwatoriýasy birnäçe asman jisimlerini görmek hem bolar we syn edilen asman jisimlerini hem video ýazga almak işini hem ýerine ýetirýär.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Saparowa Ogulnur


