«WhatsApp» messenjeri ýazyşmalary diňe bir taýmer boýunça däl, eýsem hat garşydaşyňyz tarapyndan okalanyndan soň hem pozmaga mümkinçilik berýän ýitip gidýän hatlaryň täze režimini synagdan geçirýär. Bu funksiýa «Okalandan soň» diýen ady aldy we ol «WhatsApp» goşundysynyň «iOS» ulgamy üçin niýetlenen beta-wersiýasyny ulanýanlaryň bir böleginde eýýäm peýda bolup başlady.
Ozal «WhatsApp»-da ýitip gidýän hatlar adaty tertipde işleýärdi: ulanyjy täze hatlaryň saklanmaly möhletini (24 sagat, 7 gün ýa-da 90 gün) kesgitleýärdi we şol möhlet tamamlanandan soň, ýazyşmalar öz-özünden pozulýardy. Häzirki wagtda kompaniýa şahsy maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek üçin ýene-de bir goşmaça mümkinçiligi girizýär.
WhatsApp-da ýitip gidýän hatlaryň täze režimi nähili işleýär?
Täze režim arkaly ulanyjy hatyň garşydaşy tarapyndan okalanyndan näçe wagt soň ýitip gitmelidigini görkezip biler. Saýlamak üçin üç sany wagt görnüşi elýeterlidir: 5 minut, 1 sagat ýa-da 12 sagat. Şol bir wagtyň özünde, okalman galan hatlar üçin hem çäklendirme güýjünde galar — olar 24 sagatdan soň awtomatik ýagdaýda pozular.
Funksiýanyň işleş ssenarisi şu aşakdaky ýaly görnüşe eýe: eger haty iberen tarap onuň okalanyndan 5 minut soň ýitip gitmegini bellän bolsa, onda hat iberilenden bäş minut soň onuň öz enjamyndan pozular. Emma haty alan tarapda ol tä çaty açýança elýeterli bolup galar. Hatyň okalan pursadyndan başlap, garşydaşyň enjamynda aýratyn sagat işläp başlar we şol wagt gutarandan soň, hat onuň ýazyşmalaryndan hem ýitip gider.
«WhatsApp» bu funksiýanyň bütinleý meýletin (islege bagly) bolup galýandygyny aýratyn belleýär. Ol awtomatik ýagdaýda işjeňleşmeýär we ulanyjynyň gatnaşygy bolmazdan çatlaryň häzirki sazlamalaryny üýtgetmeýär. Mundan başga-da, täze režimi hem ähli ýazyşmalar üçin umumylykda (global), hem-de anyk bir gepleşikler üçin aýratynlykda işjeňleşdirip bolýar.
Elýeterlilik
Täze mümkinçilik «WhatsApp» goşundysynyň «TestFlight» arkaly ýaýradylýan, «iOS» ulgamy üçin niýetlenen 26.19.10.72 beta-wersiýasynda peýda boldy. «WABetaInfo» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu funksiýa häzirki wagtda diňe käbir synagçylara elýeterlidir. Emma kompaniýa ýitip gidýän hatlaryň bu täze formatyny synap görüp biljek ulanyjylaryň sanyny ýakyn günlerde has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.



