Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ähliumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygar astynda beýik işlere, belent ruha beslenen bereketli 2024-nji ýylymyz hem tamamlanyp, täze 2025-nji ýylymyz ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin abandançylygyň, üstünlikleriň, ahli ugurlarda uly rowaçlyklaryň ýyly bolsun!
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça oňyn syýasaty durmuşa geçirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejede Türkmenistan ýurdumyzyň adyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Laçyn Pirnazarowa
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy