Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, aýratyn özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýändir. Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Ahalteke bedewleri seýislemek sungatyny UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlamak işi dowam edýär.
Ahalteke bedewleriniň ata-babalary – şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewleriň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.
Ahalteke bedewinin bayramy
Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öňýanynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle hem şu ýyl Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi we beýleki çäreler geçiriler. Şeýle-de ýurdumyzda behişdi bedewleriň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini iň oňat beýan etmekde mowzuklaýyn döredijilik bäsleşikleri, sergileri, uly baýramçylyk atçapyşyklary guralýar.
Baýramçylyk atçapyşyklary at sportunyň müňlerçe janköýerlerini özüne çekýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, soňky ýyllarda dünýä talaplaryna laýyk gelýän döwrebap aýlawlar guruldy. Her ýylda türkmen bedewine bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk günlerinde aýlawlaryň meýdançasynda konkur boýunça görkezme çykyşlary we bäsleşikler geçirilýär. Geçirilýän çäreler netijesinde ajaýyp ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýäniň ýüzüne ýaýrap, jahanyň ähli künjeklerinden bedewleriň janköýerleriniň köpsanlysyny Türkmenistana ýygnaýar. Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri hem olara bolan gyzyklanmany artdyrýar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Aziýa olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetiniň arasynda Memoranduma gol çekmek dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aziýa olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşy girizildi. Ahalteke bedewleriniň hakyky janköýeri bolan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda arassa ganly saýlama ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda şu pudagyň düzümini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini ýaýmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitaby hem deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan aýratyn hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar. Ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan we atşynaslaryň arasynda hünär bäsleşigi hasaplanylýan gözellik bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň saklanmagyna we olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, ajaýyp bedewleriň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar we şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine hem-de aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby