Ahalteke bedewlerine halkara derejede aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde dünýäniň dürli
künjeklerinde, şol sanda Hytaýda, ABŞ-da, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Arap ýurtlarynda we başgada birnäçe döwletlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de
ýaryşlara taýýarlamak bilen meşgullanýan atçylyk assosiasiýalary, guramalar, kompaniýalar hereket edýär.
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty
dikeldilip başlandy we olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Ahalteke bedewi özüniň
taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýäde özüniň ýyndamlygy, owadanlygy bilen meşhur
bolan Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de
garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. 1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi döredildi.
Häzirki döwürde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny
tapan gadymy baý däp-dessurlary hil taýdan täze dereje çykdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasy dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa
goýýan beýleki adamlary birleşdirip, bilelikde taslamalary alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga
mümkinçilik döretdi.
Begenç MERETKLYÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy