Senegally we Amerikaly reper, aýdymçy Akon türkmenistanda diňleýjileriň öňünde ikinji gezek hem konsert bilen çykyş etdi. Ikinji konsert hem Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynda geçirildi.
Konserte müňlerçe türkmenistanly mugt gatnaşmak mümkinçilgine eýe boldy.
Akon konsertde DJ Benny Demus bilen bile çykyş etdi. Ol Beautiful, Smack that, Right now, Lonely, I Wanna Love You ýaly meşhur aýdymlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdi.
Türkmenistan 275 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin mugt iberer
Sahnada şwesiýaly sazanda Dr. Alban hem çykyş etdiler. Dabara ýygnananlar onuň 1992-nji ýyldan bäri meşhurlygyny gorap gelýän It’s My Life atly aýdymyny has uly şowhun bilen garşyladylar.