Amyderýa sebitiň esasy süýji suw çeşmeleriniň biri bolup, ol diňe bir suwaryş üçin däl, eýsem agyz suwy üpjünçiligi üçin hem giňden ulanylýar. Derýanyň suwy kanallar arkaly uzak aralyklara çenli alnyp barylýar we gurak howa şertlerinde ýerleşýän ýerleriň ýaşaýyş mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle hem suw serişdeleri maldarçylyk hojalyklary üçin zerur bolup, mallaryň suwsuz galmazlygyny üpjün edýär. Suw gorlarynyň bolmagy ykdysady taýdan durnukly ösüş üçin esasy şertleriň biridir.
Oba hojalygyny ösdürmekdäki roly
Derýanyň boýundaky ýerler hasylly alýuwial topraklary bilen tapawutlanýar. Şeýle ýerlerde diňe bir pagta ýa-da bugdaý däl, eýsem miwe-bakja önümleri, bakja ekinleri we beýleki oba hojalyk önümleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Suw üpjünçiligi bolan ýerlerde ýyllyk hasyl derejesi ep-esli ýokary bolýar, bu bolsa içerki bazary üpjün etmek bilen birlikde eksport mümkinçiliklerini hem artdyrýar. Şeýle ýagdaý ykdysady girdejiniň ýokarlanmagyna we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagyna getirýär.
Energetika we senagat üçin peýdasy
Derýanyň akymy gidrotehniki gurluşlary gurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle desgalar arkaly suw akymy sazlanýar, suw howdanlary döredilýär we energiýa öndürilýär. Suw serişdeleri diňe elektrik energiýasy üçin däl, eýsem dürli senagat pudaklarynda azyk senagaty, gurluşyk materiallary önümçiligi, himiýa kärhanalary ýaly ugurlarda hem giňden ulanylýar. Senagatyň ösmegi bolsa täze iş orunlaryny döredip, ykdysady ösüşi tizleşdirýär.
Ulag, balykçylyk we ýerli ykdysady işjeňlik
Derýa töweregindäki ýerler taryhy taýdan söwda we ýaşaýyş merkezleri bolupdyr. Häzirki wagtda hem onuň deltasy we kenarýaka zolaklary ykdysady taýdan işjeň sebitler hasaplanýar. Bu ýerlerde balykçylyk ösdürilýär, suw serişdeleri ýerli bazarlary balyk önümleri bilen üpjün edýär. Şeýle hem kenarýaka ýerlerde bagçylyk we üzümçilik ýaly pudaklar ösýär. Derýanyň töweregindäki infrastruktura- köprüler, suw geçirijiler, kanallar- ulag we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şert döredýär, bu bolsa sebit ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär.
Kurbanowa Maýsa
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy


