Amyderýa Türkmenistanda bir derýadyr.
Amyderýa – Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy. Ol Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň çäginden geçip, Aral deňzine guýýar. Derýa ep-esli ýerde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň tebigy araçägi hasaplanýar.
Göwrümi, bolsuwlulygy, güýçli akymy bilen dünýäniň iň uly derýalarynyň biri hasaplanylýar. Wahş hem-de Penç derýalarynyň goşulmagyndan emele gelýän bu derýanyň uzynlygy 1415 kilometre, meýdany bolsa 309 müň inedördül kilometre deňdir. Bu derýalaryň uzynlygyny hasaba alanyňda bolsa, bu uzynlyk 2540 kilometre barabar bolýar. Wahş öz gözbaşyny Owganystandaky Hindiguş daglarynyň demirgazyk ýapgydynda ýerleşýän, 4900 metr belentlikdäki Werewskiý buzlugyndan, Penç derýasyna gelip guýýan Pamir derýasy bolsa öz gözbaşyny Täjigistandaky Pamir daglarynda ýerleşýän Zorkölden alyp gaýdaýar.
Daglardaky garlaryň we buzluklaryň ýazyna we tomsuna eremekleri sebäpli, bu döwürlerde Amyderýanyň suwy joşup, onuň geçirijiligi sekuntda 9000 metr kuba çenli ýokarlanýar, Gyş golaýlap, çigrek düşüp ugranda bolsa, derýanyň suwy peselip, onuň geçirijiligi 400 – 500 metr kuba çenli aşaklaýar. Amyderýa dünýäniň iň bulanyk suwly derýalarynyň biridir. Onuň bir metr kub suwunyň düzümindäki gyrmançanyň mukdary 3 kilograma çenli bolup, ol derýanyň joşýan günlerinde 5 – 7 kilograma çenli köpelýär.
Pamir Dagy
Amyderýanyň hojalykda peýdalary
Derýanyň kenarynda ýaşaýan halklar üçin Amyderýa esasy suw çeşmesi bolup hyzmat edýär. Onuň suwunyň her ýylky möçberiniň orta hasap bilen 70 göterime golaýy oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň döwletimiziň hem suw serişdeleriniň esasy bölegini, ýagny, 95 göterimini Amyderýanyň mele suwy üpjün edýär. Amyderýa ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu joşgunly derýanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän uzynlygy 1000 kilometre barabardyr. Şonuň üçin biz Amyderýany Türkmenistanyň iň uly derýasy bileris.
Amyderýa
Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar. Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar. Onuň 1metr kub suwunyň düzüminde 3 kilograma çenli gyrmança bardyr, derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär. Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar. Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar. Onuň boýunda Termez, Atamyrat, Türkmenabat, Ürgenç, Nöküs, ýaly şäherler ýerleşýär. Amyderýanyň suwy bilen merkezi Aziýa ýurtlarynda we Owganystanyň 8 million gektardan gowrak ýer suwarylýar. Amyderýadan Garagum derýa, Garşy, Amy-Buhara, Türkmenderýa ýaly kanallar suw alýar. Derýanyň suwuny tygşytly ulanmak üçin onuň goşantlarynyň we hanasynyň ugrunda Nurek, Ragun, Düýeboýun ýaly uly suw howdanlary guruldy.
Amyderýanyň taryhy
Bolsuwly Amyderýanyň taryhy baradaky maglumatlary bilmeklik has hem gyzyklydyr. Merkezi Aziýanyň halklarynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan bu derýa irki döwürlerden bäri dürli hili atlandyrylypdyr. Taryhy maglumatlarda bu derýanyň Oguzhan atamyzyň ady bilen baglanyşykly Oguz, Ügüz, Oks ýaly atlary gabat gelýär. Araplar bu derýany Jeýhun diýip atlandyrypdyrlar. Nusgawy şahyrlaryň goşgularynda Jeýhun, Bahry-umman diýlen atlar hem gabat gelýär. Derýanyň Amyderýa adynyň gelip çykmaklygy bolsa, Amul şäheri bilen baglanyşyklydyr. Horasandan Mawerannahra we gündogardan günbatara gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Amul şäheri örän meşhur bolup, onuň ady bu uly derýanyň tutuş ady hökmünde ulanylmaga başlapdyr. Käbir ylmy çaklamalara görä bolsa, bu ady derýa Amul şäherinden has öňki döwürlerden bäri göteripdir.