Düýn — 14-nji oktýabrda Arkadag şäherinde kino pudagynyň daşary ýurt ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kino festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher Döwlet drama teatrynyň girelgesine Türkiýeden Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag, fransiýaly Eduard Montut, şeýle hem Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan meşhur aktýorlar gyzyl haly bilen bardylar.
Olaryň köpüsiniň Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini bellemelidiris.
Myhmanlar Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine baryp gördüler. Günüň birinji ýarymynda olar Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar we talyplar bilen ussatlyk sapagyny geçirdiler. Açylyş dabarasyndan öň myhmanlar Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna-da baryp gördüler.
Bu ýerde türk aktýoryna türkmenleriň milli geýimleri — don we telpek sowgat gowşuryldy.
Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher Döwlet drama teatrynda açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen başlandy.