Köňlüne gelenini taraşlap halkyna miras goýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak uly gymmatlykdyr. ’’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmek hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ussadyň şygyr setirlerine nazar aýlanyňda, onuň belentligine haýran galýarsyň hem-de öňünde baş egýärsiň.
Halkymyzyň «Zer gadyryny zergär biler» diýen ajaýyp nakyly bar. Magtymgulynyň çeper döredijiligi hakyky zergäriň ussatlygydyr. Biz ussat şahyra, beýik akyldara guwanýarys. Elbetde, Magtymguly barada gürrüň edilende, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekiliniň keşbi göz öňüňde örboýuna galýar. Magtymguly Pyragy Gündogaryň baý medeniýetli şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenibilen baýlaşdyrdy.
Hormatly Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär.
Dana Pyragy her bir şygry bilen ynsan kalbyna ýagşylyk nuruny çaýýar. Türkmeniň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny söz bilen düşündirmek juda çetin. Ony diňe ýüregiň bilen duýmagy, syzmagy başarmaly.
Eziz Rejepow
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy


