«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 01.06.2024 taryhyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar.
Bu ugur boýunça awtobus hepdäniň ähli güni sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar. Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar degişli kassalardan petekleri satyn alyp bilerler. Ýa-da şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. Munuň özi Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatlaryň günsaýyn kämilleşdirilýändigini görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.
Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi saýtynda hem-de «Şäherara bilet» mobil goşundysynda hem onlaýn tertibinde satylýandygyny ýatladýarys diýip Türkmenistanyň Türkmenawtoulaglary agentligi belleýär.
Habarlaşmak üçin: 44-35-30; 44-35-20.