2026-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda DevFest Ashgabat 2026 ýyllyk tehnologiýa festiwaly geçiriler. Çäräni meýletin esasda işleýän GDG Ashgabat jemgyýeti guraýar.
Festival Bilelik Hub döredijilik giňişliginde — Ashgabat Mall, C blok, 1-nji gat, Aşgabat 744000 salgysynda geçiriler. Gatnaşmak mugt, emma öňünden hasaba alynmak zerurdyr.
150-den gowrak gatnaşyja garaşylýar
DevFest häzirki zaman tehnologiýalary bilen gyzyklanýan programma düzüjilere, talyplara, telekeçilere we beýleki gatnaşyjylara niýetlenen giň gerimli tehnologiýa konferensiýasydyr. Guraýjylar bu ýylky çärä 150-den gowrak gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşýarlar.
Festiwal diňe çykyşlary diňlemek üçin däl, eýsem täze tehnologiýalary iş ýüzünde öwrenmek, tejribe alyşmak we developer jemgyýeti bilen aragatnaşyk gurmak üçin hem açyk platforma hökmünde meýilleşdirilýär.
Esasy mowzuk — Agentic Era döwründe döredijiler
Bu ýylky DevFest-iň esasy mowzugy:
«Build, Secure, Scale: Developers and Builders in the Agentic Era»
Mowzuk häzirki döwürde emeli aň agentleriniň programma üpjünçiligini döretmek, goramak we giňeltmek proseslerine edýän täsirine gönükdirilýär. Şeýle çemeleşme developerleriň diňe programma ýazmak bilen çäklenmän, eýsem AI bilen işleýän täze arhitekturalary, howpsuzlyk çemeleşmelerini we giňelýän sanly ulgamlary döretmekdäki ornuny hem öňe çykarýar.
Emeli aň ulgamyndan kiberhowpsuzlyga çenli giň maksatnama
Festivalyň maksatnamasynda emeli aň, programma üpjünçiligini işläp düzmek, startaplar we kiberhowpsuzlyk boýunça bilermen çykyşlary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem gatnaşyjylar amaly ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp bilerler. Olaryň mowzuklary:
- AI agentleriniň kömegi bilen programma üpjünçiligini döretmek;
- programmalary we kodlary howplardan goramak;
- döwrebap developer gurallary bilen işlemek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Çäräniň dowamynda toparlaýyn mesele çözmek bäsleşikleri hem geçiriler. Ýeňijilere baýraklar gowşurylar.
Aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin aýratyn meýdança
DevFest Ashgabat 2026-da hyzmatdaş kompaniýalar üçin aýratyn zona hem dörediler. Bu giňişlik gatnaşyjylara tehnologiýa kompaniýalary bilen aragatnaşyk gurmaga, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge we professional gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýlelikde, festival diňe bilim we tejribe alyşmak meýdançasy bolman, eýsem täze başlangyçlaryň, hyzmatdaşlygyň we developer jemgyýetiniň ösüşiniň hem möhüm nokadyna öwrüler.
GDG Ashgabat 2020-nji ýyldan bäri işleýär
Google Developer Groups-yň resmi jemgyýeti bolan GDG Ashgabat Aşgabatda 2020-nji ýyldan bäri işjeň hereket edýär. Häzirki wagtda jemgyýetiň 1 400-den gowrak agzasy bar.
DevFest Ashgabat 2026 bu jemgyýetiň ýyllyk esasy çäreleriniň biri bolup, häzirki zaman tehnologiýalary barada bilim paýlaşmagy, ýerli developerleriň ösüşini goldamagy we täze hünär gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Çärä öňünden şu resmi salgy arkaly hasaba durup bolýar:
https://gdg.community.dev/events/details/google-gdg-ashgabat-presents-devfest-2026-ashgabat/



