Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty bolup, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir.
Her ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşmagynda hem özboluşly many bar. Goşa baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler aýratyn şatlyk-şowhuna beslenýär.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat Bütindünýä syýahatçylyk şäherleri federasiýasynyň (WFTC) agzasy boldy. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.
Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.
Atadurdy ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby