Weather Data Source: wetterlabs.de
Aşgabat täze okuw ýylyna taýýar - Türkmenistan - Gorogly.com

Aşgabat täze okuw ýylyna taýýar

Aşgabat şäheriniň mekdeplerinde okuw ýylyna taýýarlyk işlerine irgözinden girişildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şäheriň Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy Rejepdurdy Şahalyýewiň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, Aşgabat şäheri boýunça 146 sany orta mekdepde, Saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi, synp otaglarynyň ählisi täze okuw ýylyna taýýar edildi. Olardaky partalardyr oturgyçlar, synp tagtalary, okuw-tehniki, şol sanda multimediýa enjamlary, kompýuterler, lingafon otaglary doly gözden geçirildi, olara gerek bolan tehniki hyzmatlar edildi. Kompýuterleriň programma üpjünçiligine aýratyn üns berildi.

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mekdep bazarynyň işini ýola goýmak üçin tagallalar edildi. Olar ýokary hilli mekdep harytlary, okuw esbaplary, egin-eşikler bilen üpjün edildi. Mekdep harytlarynyň aglabasynyň Türkmenistanda öndürilendigi aýratyn bellärliklidir.

ABŞ uniwersiteti metaversede bilim bermäge başlaýar

Paýtagtyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna 19 müňe golaý çaganyň gelmegine garaşylýar. Mekdep bosagasyndan ilkinji gezek gadam basjak körpeler üçin, okuw kitaplaryndan başga-da, dersler boýunça depderler hem ýeterlik derejede çap edildi. Olar täze okuw ýylynyň ilkinji gününde körpelere paýlanyp berler. Şeýle-de 1-nji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler. Okuwçylara okamak, dynç almak üçin amatly şertleri döretmek bilen birlikde, olara bilim berjek mugallymlary taýýarlamak işleri hem alnyp baryldy.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden 600-den gowrak ýaş hünärmen işe ugradyldy. Olar şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralaryna kabul edilip, täze okuw ýylynda paýtagtymyzyň mekdeplerinde işe başlarlar.

Çeşme: Turkmenportal.com

Habary paýlaşyň:

One thought on “Aşgabat täze okuw ýylyna taýýar

Bir cevap yazın