Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň 4 – 11-nji apreli aralygynda sagat 8:00-dan 18:00-a çenli Aşgabat şäherinde hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.
Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.