Aşgabatda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) tarapyndan bilelikde guralan «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük halkara forum üstünlikli geçirildi.
29–30-njy iýunda geçirilen forum Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, telekommunikasiýa pudagyny düzgünleşdiriji edaralaryň, öňdebaryjy aragatnaşyk kompaniýalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Çäre häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança boldy.
Forumyň esasy mowzugy häzirki zaman telekommunikasiýa torlaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy. Gatnaşyjylar täze nesil Wi-Fi 6, Wi-Fi 7 we geljekki Wi-Fi 8 standartlarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň sanly infrastruktura, senagat, bilim, saglygy goraýyş we beýleki pudaklardaky mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Forumyň dowamynda pes orbitada (LEO), orta orbitada (MEO) we geostasionar orbitada (GEO) işleýän hemra ulgamlarynyň ösüşi hem-de olaryň ýokary tizlikli internet hyzmatlaryny has giň sebitlere ýetirmekdäki orny giňişleýin seljerildi. Şeýle hem emeli hemralaryň üsti bilen ykjam enjamlaryň göni baglanyşygyny üpjün edýän Direct-to-Device (D2D) tehnologiýasynyň geljegi we amaly ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlaryň dowamynda telekommunikasiýa torlaryny dolandyrmakda emeli aňyň ulanylmagy, torlaryň awtomatlaşdyrylmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, maglumatlaryň seljerilişi we kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça halkara tejribeler hödürlenildi.
Forumyň aýratyn mejlisleri ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň sanlylaşdyrylmagyna, hususy öýjükli aragatnaşyk torlarynyň (Private Mobile Networks) önümçilik kärhanalarynda ornaşdyrylmagyna hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary (UAV) ykjam aragatnaşyk ýygylyklarynda ulanmagyň tehniki hem-de düzgünleşdiriji meselelerine bagyşlandy.
Forumda telekommunikasiýa we sanly özgertmeler ulgamynda uly tejribä eýe bolan halkara bilermenler çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Gazagystanyň Ubiquitous Wireless LLP kompaniýasynyň tehniki direktory Wadim Poskakuhin, GSMA Eurasia guramasynyň tehniki ugrunyň ýolbaşçysy Konstantin Sawin hem-de RIPE NCC guramasynyň internet howpsuzlygy we arabaglanyşyk boýunça uly geňeşçisi Waan Owsepýan çykyş edip, dünýäniň dürli ýurtlarynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, pudagyň ösüş meýilleri we innowasion çözgütler barada çykyş etdiler.
Forumyň jemleýji tapgyrynda geçirilen tegelek stol maslahatynda gatnaşyjylar Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary hem-de sanly özgertmeleriň ileri tutulýan wezipeleri barada pikir alyşdylar.
«Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» forumy telekommunikasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine hem-de Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm halkara çäreleriň biri hökmünde ähmiýetini görkezdi.



