2024-nji ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Oguzabat» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara forum hem sergi geçirilýär.
Serginiň temasy gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli intellekt we maşyn ugruny öwrenmek, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri, energiýa boýunça täsirli tehnologiýalar, bazar nokatlary (marketpleýs), 5G hem aragatnaşyk torlarynyň indiki nesilleri, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikalary, senagatdaky wirtual hakykat, elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary ýaly ugurlary hem beýleki bölümleri öz içine alýar.
Işewürlik ulgamynyň wekilleri, degişli hünärmenler we alymlar bu möhüm çärä gatnaşmaga we Türkmenistanda innowasion tehnologiýalarynyň ösmegine goşant goşmaga çagyrylýar.