«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol asylly maksatlaryň aýdyň beýany hökmünde 13—14-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň taekwondo görnüşi boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň kubogyny almak ugrunda iri sport ýaryşy geçirildi.
Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen zehinli hem-de ussat türgenler gatnaşyp, özleriniň taýýarlyk derejesini, ukyp-başarnygyny we sport ussatlygyny görkezmek ugrunda özara güýç synanyşdylar. Bäsleşikleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türgenleriň sport mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeklerine amatly şertleri döretdi.
Bu abraýly ýaryşda Mary etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň Sport mekdebiniň türgenleri hem üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar. Ussat tälimçi Kaýumberdi Annadurdyýewiň taýýarlaýan ýaş türgenleriniň üçüsi — Zübeýda Kaýumberdiýewa, Mahym Mämmedowa we Ýunus Kakajanow öz agram derejelerinde ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar we altyn medallara mynasyp boldular.
Şeýle hem Ýeňiş Kakalyýew, Zyba Aşyrowa, Gadyrmuhammet Wepaýew hem-de Emirhan Toýlyýew üstünlikli çykyş edip, kümüş medallary gazandylar. Begençgeldi Kakajanow bilen Selim Geldimyradow bolsa üçünji orunlary eýeläp, bürünç medallar bilen sylaglandylar.
Ýaryşyň jemleýji dabarasynda ýeňiji bolan türgenlere hormat hatlary, ýadygärlik medallary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu sylaglar ýaş türgenleriň gazanan üstünlikleriniň mynasyp ykrarnamasy bolmak bilen birlikde, olaryň geljekde has-da uly ýeňişlere ýetmekleri üçin güýçli höwes çeşmesine öwrüldi.
Mary etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň Sport mekdebiniň türgenleriniň gazanan üstünlikleri sport mekdebinde alnyp barylýan tälim-terbiýe işleriniň netijeliligini, tälimçileriň ýokary hünär ussatlygyny we ýaş nesliň sporta bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şeýle ýeňişler ýurdumyzda sporty ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Taekwondo boýunça geçirilen bu ýaryş ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň tejribesini baýlaşdyrmaga we sport ussatlygyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döretmek bilen, türkmen sportunyň täze üstünliklere tarap ynamly gadam urýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Annaoraz Aşyrow,
Mary etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň
Sport mekdebiniň woleýbol boýunça tälimçisi.



