2025-nji ýylyň 20 – 21-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň Taekwondo görnüşi boyunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu sport ýaryşyna ýurdumyz boýunça 160-den gowrak türgen gatnaşdy. Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinden bolsa jemi 16 sany türgen gatnaşyp, olardan iki sanysy 1-nji orna, dört sanysy bolsa 2-nji orna mynasyp boldular.
Sportuň Taekwondo görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenlerinden Selim Geldimyradow (2009 ý.) 68 kilogram agramda, Züleýha Kaýumberdiýewa (2012 ý.) 37 kilogram agramda çykyş edip 1-nji orny, Gadyrmuhammet Wepaýew (2010 ý.) 59 kilogram agramda, Zyba Aşyrowa (2010 ý.) 51 kilogram agramda, Begenç Kakajanow 33 kg agramda, Nurýagdy Nurýagdyýew 37 kg agramda çykyş edip 2-nji orny eýelediler.
Paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň taekwondo görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan ýaş türgenlere hormat hatlary, ýadygärlik medallary we gymmat bahaly sowgatlar berildi. Bu sport ýaryşy Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenleri üçin hem örän şowly sport ýaryşlarynyň biri boldy.
Kaýumberdi Annadurdyýew,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň
Taekwondo boýunça tälimçi mugallymy.



