Aşgabat şäherinde Täze ýyl baýramynyň Baş arçasyny bezelip başlandy. Onuň beýikligi üstündäki ýyldyzy bilen bilelikde 42, diametri 16, diňe öz beýikligi 38,5 metr bolar ― diýip, «Orient» habar berýär.
Şeýle hem paýtagtyň köçelerinde baýramçylyk yşyklary ornaşdyrylyp başlandy. Türkmenistanyň Baş arçasyny bolsa, däp bolşy ýaly, paýtagtyň «Alem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar.
Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.
Bu ýyl hem, öňki ýyllardaky ýaly, türkmen arçasynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda bezelen Täze ýyl arçalarynyň arasynda iň uzyn bolmagy üçin ähli şertler bar.
Çeşme: Turkmenportal.com