Berkarar Watanymyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkyny diýseň çäksiz begendirdi. Çünki, ahalteke türkmen bedewi halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik ösüşleriniň nyşanydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik.» – diýip, uly buýsanç bilen örän jaýdar belläp geçýär.
Merdana ata-babalarymyzyň parasatly aýtgylarynda «At — myrat» diýlişi ýaly, 2026-njy ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Sebäbi, türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk şähratly taryhynyň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň we türkmen sportynyň milli nyşanynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk şöhratly taryhynda, ruhy dünýäsinde hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Ata bolan söýgi we hormat diňe bir hojalyk zerurlygy bilen çäklenmän, halkyň durmuş filosofiýasyna, arzuwlaryna we maksatlaryna çenli uzap gidýär. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň aňynda asyrlaryň dowamynda «At — myrat» diýen pähim kemala gelipdir. Bu pähim diňe bir bedew at hakynda däl-de, eýsem, göçme manyda ynsan üçin myradyna ýetmegiň, maksada tarap batly gadam urmagyň, maksadaokgunlylygyň milli ýörelgesidir.
Türkmen üçin at — ýolbelet, syrdaş, wepaly ýoldaş. Ir döwürlerden bäri türkmenler giň sähralarda ýaşaýyş sürüp, at bilen ýaşaýşyň bitewi arabaglanyşygyny döredipdirler. Bedew at adamy diňe bir menziline eltmän, onuň umyt-arzuwlaryny hem öňe alyp gidýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup, gözelligiň, çydamlylygyň we batyrlygyň nusgasydyr. Ol diňe bir ýyndamlygy bilen däl, eýsem, eýesine bolan wepalylygy bilen hem tapawutlanýar. Bedewiň ýüregindäki güýç bilen adamyň ýüregindäki myrat birleşende, ýeňip bolmajak kuwwat emele gelýär. Şonuň üçin, «At — myrat» düşünjesi diňe bir pähim däl, eýsem, ruhy güýçdir.
«At — myrat» diýmek, zähmet bilen maksat gazanmakdyr. At bakmak, ony terbiýelemek, onuň bilen sazlaşyk tapmak sabyrlylygy, yhlaslylygy talap edýär. Edil şonuň ýaly-da, adam öz myradyna ýetmek üçin tutanýerlilik, ynam we zähmet bilen öňe gitmeli. Türkmen pähimleri-de muny tassyklaýar: «Myrat atda däl, at myrada eltýär» diýen düşünje halkyň paýhasynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem «At — myrat» pähimi öz ähmiýetini ýitirenok. Ol ýaş nesli maksada okgunly, zähmetsöýer, watansöýüji ruhda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Bedew at arkaly halkyň taryhy, däp-dessurlary we milli gymmatlyklary ýaşlaryň aňyna ornaşýar. Atçylyk sporty, atçylyk däpleri, baýramçylyk çäreleri hem bu düşünjäniň dowamlylygyny üpjün edýär.
Netijede, «At — myrat» diýen düşünje türkmen halkynyň durmuş ýolunyň, ruhy kämilliginiň we ösüşe bolan ynamynyň beýanydyr. At — adamyň ýoluny açýan güýç bolsa, myrat — şol ýolda ýetilýän beýik maksatdyr. Bu iki düşünje biri-birinden aýrylmaz bolup, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatly mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Alekseý Zaplatnyý,
Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň
basketbol boýunça tälimçi mugallymy.




