Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr. Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine «At agynan ýerinde toý bolar», «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar», «At çapmaz, bagt çapar» ýaly nesilden-nesle geçirilip, biziň şu günlerimize ýetirilen parasatly pähimler hem şaýatlyk edýär.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen halky bäş müň ýyllyk şöhratly tarhynyň ähli eýýamlarynda kämil at tohumyny döretmegiň, atlary saklamagyň we köpeltmegiň, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň, olary ulanmagyň, seýislemegiň we toýda-tomaşada at çapdyrmagyň tilsimlerini dünýä halklarynyň arasynda ilkinji bolup gowy bilipdirler.
Atly ýörişler, at çapyşyklary, milli at üstündäki oýunlary, at eýer-esbaplary gadymy döwürlerde türkmenlerde ilki döräp, soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna-da ýaýrapdyr we dünýä belli türkmen atçylyk medeniýetini döredipdir. At münmek, at çapmak ugurtapyjylygy, çalasynlygy, öz-özüňe erk etmegi, edermenligi we watansöýüjiligi terbiýeleýär, ynsana beden saglygyny gorap saklamaga kömek edýär. At bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolmak bolsa, adamlarda ata bolan ýakyn duýgyny oýandyrýar. Häzirki döwürde atly syýahat, gezelençler etmek, medeniýetli dynç almagyň bir görnüşidir.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe türkmen halky bilen birlikde, ahalteke bedewlerini bütin dünýä tanaýar, sebäbi indi olaryň Hak Howandary, aty gardaşy hökmünde görýän belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen atlarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň, atçylyk sporty boýunça türgenleriň halkara at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna, atçylyk boýunça geçirilýän halkara sergilere we dabaralara gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen türkmen atçylygyna uly goldaw berýär, ahalteke bedew atlarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak, ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny, marafon ýaryşlaryny, atly pasgelçiliklerden bökmek, şeýle hem at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen ägirt uly giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Ata Watanymyzda şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» şygary bilen atlandyrylmagy hem, atçylyk pudagyny ösdürmeklige ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigini bütindünýä aýan edýär. Bu bolsa halkymyzyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan guwanjyny, buýsanjyny artdyrýar.
Kuwwat Söýünow,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň
agyr atletika boýunça tälimçi mugallymy.




