Atlaryň tohumlarynda duş gelýän reňkleri, nyşanlary we alamatlary parhlandyryjy alamat bolup, olary biri-birinden tapawutlandyrmaga ýardam edýär. Atlaryň altyn-al, altyn-mele we beýleki reňkleri has gymmatly hasaplanýar. Atlaryň esasy gymmatly reňkleri: gara, mele, dor, al we gyr hasaplanýar. Olardan başga-da:
Dor — göwresinin örtük tüýleri goňur, gorag tüýleri (saçy, ýaly, guýrugy) we aýaklarynyň dyzyndan we aşyklygyndan aşagy gara (garamtyl) reňkli bolsa (aýaklarynda ak sekili duşsa-da) dor diyilýär.
Dor at — açyk dor, hurmaýy dor, garador öwüsýän reňklerde bolup biler
Mele — göwresinin örtük tüýleri altyn owüşginli mele ýa dasary çäge reňkli, saçy, ýaly, guýrugy we aýaklary dyzyndan we aşyklygyndan
aşagy gara bolsa aýdylýar.
Gär atyň — örtük we gorag tüýleri gara reňkli bolup, kellesinde,
bykynynda we käbir beýleki ýerlerinde oýultym-oýultym ýanyk, goňras reňkli bolsa aýdylýar.
Gara at diýlip — durky bilen birmeňzeş şar gara reňkde bolsa
Akýalmele — örtük we gorag tüýleri, aýaklary birmeňzeş açyk mele ýa-da sary çage reňkli bolýar (kähalatlarda, gorag tüýleri çalymtyk reňkde bolmagy mümkin). Akýalmele atlar garagözelek bolsa gowy hasaplanylýar, olar dözümli bolýar.
Al at diýlip — maňlay saçy, ýaly, guýrugy we göwresinin örtük tüýleri birmeňzeş al ( açyk gyzyl) reňkde bolsa aýdylýar.
Gyr — çal we gara ýa-da beýleki reňkli örtük tüýleriň gatyşygynda emele gelýär. Gyr taýlar enesinden doglanda gara, dor, al, mele we gyr reňkli bolup biler. Ýaşy ulaldygyça gyr atlar çalarýar, endamynda nokat-nokat ýa-da çylgym-çylgym goňur ýa-da çabdar menekler emele gelmegi mümkin.
Akýal — göwresinin örtük tüýleri goýy goňras şokolad reňkli, ýaly, guýrugy çal ýa-da ak reňkli bolýar. Ahalteke atlaryňda akýal reňk örän seýrek durýar, ýomut atlarynda duşmaýar.
Ala at diýlip — göwresinde, böwründe we başga ýerlerinde uly ak zolaklar ýa-da ala bolanynda aýdylýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institunyň talyby