Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan
Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygy bellenilýär. Dünýäde parahatçylygy
pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak
hemişe ýeňşe, gülläp ösüşlere alyp barýar. Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk bar ýerinde gülläp ösüş,
erkana durmuş, bagtyýar ýaşaýyş bar. Bu bagta ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasynyň esasynda, gurama
agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde eýe boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji
iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi
tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Şeýlelik-de, ýurdumyz dünýä syýasatynda ilkinji gezek şeýle
belent derejä eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy öz mazmuny boýunça oňyndyr.
Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr.
Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýänýöredýän hormatly
Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri
mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Azada ORAZOWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünämeni