Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir şatlykly baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk gününiň 29 ýyllygy eziz ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, şan-şöhraty barha beýgelýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşniýetlili gatnaşyklaryň dowam edýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda, şeýle-de bütin Ýer ýüzünde ähmiýetli waka öwrüldi.
Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy ösdürmek, dostana goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrmak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
ORAZGÜL GAÝYPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby