Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli sportynyň dünýä ýüzündäki barha artýar. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda yzygiderli gazanýan üstünlikleri, ýeňişli gadamlary olaryň türkmendigini, Türkmenistanlydygyny tutuş Ýer ýüzüne jar edip, mukaddes Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentden pasyrdatýar. Munuň özi damarynda türkmen gany aýlanýan her bir watandaşymyz üçin milli buýsançdyr.
Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralara besläp giňden belleýän şu günlerimizde hem türkmen türkmen türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynda uly üstünlik gazanyp, halkymyzyň milli bunsanjy bolan Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde pasyrdatdylar
«Altyn asyr» elektron gazetiniň iň täze habarlaryna salgylansak, düýn türkmen tennisçileri Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyna Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňmek bilen başladylar.
Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynda dört toparça bölünen 14 topar, derejesini ýokarlandyrmak ugrunda göreşýär.
Türkmenistanyň ýygyndy topary Bahreýniň, Bangladeşiň we Bruneýiň toparlary bilen «C» toparça düşdi.
Beýleki toparçalaryň düzümi: «A» – Laos, Ýemen, Demirgazyk Mariana adalary; «B» – Guam, Mýanma, Mongoliýa; «D» – Birleşen Arap Emirlikleri, Makao, Maldiwler, Täjigistan.
Toparçalaryň ýeňijileri utulan-çykdy tapgyryna çykarlar, onuň iki ýeňijisi bolsa indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda oýnamaga hukuk gazanar.
Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhamedow, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Allanur Daýanjow dagy çykyş edýär. Toparyň kapitany Mirali Gasanow. Tälimçisi Gurbanberdi Gurbandyýew. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow.
Ilkinji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Bruneýiň ýygyndy topary bilen oýnamaly boldy. Bu topar Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda iň gowy netijäni 1994-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda 9-njy orny eýelemek bilen gazanypdy. Toparlar şondan ozal, 2004-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda duşuşypdylar. Şonda çekeleşikli bäsleşikde bruneýli tennisçiler 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Bu gezek bolsa türkmen tennisçileri bu topara garşy oýunda kän bir kynçylyk çekmedi. 54 minut dowam eden ilkinji ýekelikdäki duşuşykda Selim Çagylow Gewin Ýeň Kok Limi 6:0, 6:0 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňdi. 1 sagat 55 minut dowam eden ikinji duşuşykda bolsa Allanur Daýanjow Aýman Abdulladan üç setde-de üstün çykdy – 6:2, 6:7 (4), 6:1. Üçünji duşuşykda Meýlis Orazmuhammedow we Ýuriý Rogusskiý Gewin Ýeň Kok Limi we Ak Ahmad Dasukini PG Hajy Suleýman ikisini 38 minutda 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdiler.
Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy şu gün Bahreýniň ýygyndy toparyndan 0:3 hasabynda ýeňlen Bangladeş topary bolar.
Birinji tapgyryň galan oýunlarynyň netijeleri şeýle: «A» toparça – Ýemen – Demirgazyk Mariana adalary – 0:3; «B» toparça – Mýanma – Mongoliýa – 1:2; «D» toparça – Birleşen Arap Emirlikleri – Maldiwler – 1:2; Makao – Täjigistan – 1:2.
Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda 2004-nji ýyldan bäri çykyş edýärler. Olar 2012-nji ýylda Dohada (Katar) geçirilen IV toparyň zolaklaýyn ýaryşynda ilkinji gezek utulan-çykdy tapgyryna çykdylar, emma Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda orun almak üçin bäsleşikde Kambojadan 0:3 hasabynda asgyn geldiler. 2013-nji ýylda BAE-de geçirilen ýaryşda ähli garşydaşlaryny ýeňenden soň, ildeşlerimiz ilkinji gezek has ýokary derejeli toparça çykdylar. 2014-nji ýylda Tähranda geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Birleşen Arap Emirliklerini 2:1 hasabynda ýeňmek bilen, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyndaky ornuny elde saklady. Bu ýaryşlarda iň gowy netijäni bolsa 2015-nji ýylda gazanyp, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparlaýyn ýaryşynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzyň 18-nji noýabrynda bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy, onuň jemleýji tapgyry ilkinji gezek 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler.
Duşuşyk Arkadag şäheriniň janköýerlerden dolan 10 müň orunlyk stadionynda geçdi. Bu stadionda Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji gezek oýnady. Bir aý mundan ozal ýaryşyň saýlama tapgyrynda türkmen futbolçylary Şri-Lankanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy topary türkmen futbolçylary üçin hemişe-de ejiz garşydaş hasaplanýardy. Bu barada diňe bir Türkmenistanyň ýygyndy topary 142-nji, Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy topary 174-nji orny eýeleýän FIFA-nyň iň soňky görkezijisi däl, eýsem bu toparlaryň 2001-nji ýyldan bäri milli ýygyndylar derejesinde geçen duşuşyklarynyň taryhy-da aýdýar. Mundan öň garşydaşlar resmi duşuşyklarda alty gezek oýnadylar, olaryň ählisinde-de Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy. 2001-nji ýylda, 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda ildeşlerimiz Özbegistanyň Daşkent şäherinde 5:0, Iordaniýanyň Amman şäherinde bolsa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. 2011-nji ýylda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 2012-nji ýyldaky AFK-nyň Çagyryş Kubogynyň saýlama oýnunda 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar, 2017-nji ýylda bolsa 2019-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Taýpeýde 3:1, Balkanabatda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Şu ýylyň mart aýynda, 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynyň Gaosýune şäherindäki Milli stadionda 1897 tomaşaçynyň öňünde geçen ilkinji duşuşygynda, ýene-de Türkmenistanyň topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünleri her bir türkmen raýaty üçin milli buýsançdyr.
Alautdin Kafarow,
Oguzhan etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň
sport mekdebiniň ýeňil atletika boýunça tälimçi mugallymy.




