Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, behişdi ahalteke bedewlerimiz dogrusynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda söhbet etmek, her bir türkmen raýaty üçin diýseň ýakymlydyr.
Halkymyzyň durmuşynda her bir milli gymmatlygymyzyň öz ornunyň bolşy ýaly, gamyşgulak bedewlerimiziň hem mynasyp orny bardyr. Şonuň üçin-de bu behişdi bedewlere aýratyn sarpa bilen sereden ata-babalarymyz onuň bilen baglanyşykly ençeme pähim-parasatlary döredipdirler. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Bedewli öý — döwletli öý», «Aty baryň — ganaty bar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Ýüwrük ata baha bolmaz» diýen ýaly nakyllar türkmen halkynyň arasynda bedewiň mertebesiniň juda belentde tutulandygyna şaýatlyk edýär. At türkmenlerde döwletliligiň, mertligiň nyşany hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýýär. Görogly beg hem özüniň Gyratyny söýüp-söýgüläp: «Perzent dilemedim, seni diledim», «At ýigidiň gardaşydyr» diýýär. Şunuň ýaly pikirleri nusgawy şahyrlarymyzyň hem öz şygyrlarynda beýan etmedigi ýokdur. Bu zatlar ata-babalarymyzyň ata ýönekeý mal hökmünde däl-de, eýsem öz gardaşy, perzendi hökmünde seredendiklerine, atyň milletimiziň ruhuna öwrülendigine güwä geçýär. Ata bolan söýginiň aňyrsynda halkymyzyň milli aňy, häsiýeti ýatandyr.
Halkymyz bilen birlikde uzak taryhy ýoly geçen meşhur bedewlerimiz eýesine wepalylyk, ynsan kimin syzgyrlyk, syratlylyk, ýyndamlyk, çydamlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanypdyr. Ata-babalarymyz köp ýyllaryň dowamynda çeken irginsiz zähmetleriniň, pähim-paýhasynyň, inçe synçylyk häsiýetleriniň netijesinde ahalteke bedewlerinde şeýle ajaýyp sypatlaryň jemlenmegini gazanyp bilipdirler. Pederlerimiziň seýisçilik hünäri has kämilleşip, döwürleriň dolanmagy bilen atçylyk-seýisçilik kärine öwrülipdir. Hut şu käriň esasynda hem ahalteke atlary barha kämilleşdirilip, sap arassa tohum bedewler köpeldilipdir. Türkmeniň depesine bagt guşuny gonduran Garaşsyzlyk ýyllary içinde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy diýlip yglan edilmegi hem biziň ajaýyp bedewlerimiziň bütindünýä şan-şöhratyny ýene bir gez beýge galdyrdy. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli biri-birinden owadan ahalteke bedewleriniň gözellik sergisiniň geçirilmegi-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlara bolan bimöçber hormat-sarpasynyň, söýgüsiniň netijesidir.
Gözel Seýtiýewa
Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň
woleýbol boýunça tälimçi mugallymy



