Garaşsyzlyk – her bir halkyň taryhyndaky iň beýik gymmatlyklaryň biridir. Garaşsyz döwletde ýaşamak, onuň ösüşlerine şaýat bolmak we bu ösüşlere öz goşandyňy goşmak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşleriň we beýik özgertmeleriň ýoluna düşdi. Şol ösüşleriň netijesinde Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy goldaýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we beýik geljeginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy, medeniýeti we döwletlilik däpleri häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni we ylmy ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrýar. Baky Bitaraplyk syýasaty bolsa Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny belende göterip, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu syýasat parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we özara düşünişmegiň möhüm ýoludyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün edýär. Ylym-bilim, medeniýet, oba hojalygy, senagat we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ösüşleriň ählisi döwletimiziň bedew batly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär we ýurdumyzyň ösüş ýoluna täze itergi berýär.
Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedew atlary hem ösüşiň, güýç-kuwwatyň we belent maksatlaryň nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bedewleriň ýyndamlygy we gözelligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem “bedew batly” ösüş düşünjesi ýurdumyzyň ähli ugurlarda öňe barýandygyny, belent maksatlara tarap ynamly gadam basýandygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde parahatçylyk söýüji, ösüşe we hyzmatdaşlyga açyk döwlet hökmünde tanalýar. Bu üstünlikleriň esasynda bolsa halkymyzyň agzybirligi, döwletimiziň paýhasly syýasaty we ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen beýik maksatlary durýar. Şeýle şertlerde ýaş nesiller hem bilim alyp, ylym öwrenip, Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.
Bedew batly ösüşleriň ýoluna düşen Garaşsyz Türkmenistan geljekde hem täze üstünliklere beslener. Watanymyzyň her bir güni täze ösüşleriň, täze mümkinçilikleriň we bagtyýar durmuşyň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, agzybir halkymyz bilen birlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly öňe barýar we belent maksatlara tarap ynamly gadam basýar.
Ýazan: Albina Faýzullina,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulýetçisi


