Garaşsyzlygyň nurly ýoluna düşen, baky Bitaraplyk ýörelgeleri bilen dünýäde abraý gazanan Türkmenistan häzirki döwürde bedew batly ösüş ýolunda ynam bilen öňe barýar. Her ýylyň manyly atlandyrylmagy döwletimiziň uzak möhletli ösüş maksatlarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň we halkymyzyň ruhy kuwwatynyň aýdyň beýany bolup durýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem bu ösüş ýolunyň mazmunyny doly açyp görkezýär.
Garaşsyzlyk Watanymyzyň döwletliligini, durnuklylygyny we geljegini üpjün edýän mukaddes binýatdyr. Baky Bitaraplyk bolsa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy sütünidir. Bu ýörelgeler esasynda ýurdumyz halkara derejesinde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar, dünýäde parahatçylykly başlangyçlary öňe sürýär.
Ýylyň atlandyrylyşynda aýratyn orun alan bedew batly at-myrat düşünjesi türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen bedewi asyrlaryň dowamynda mertligiň, wepalylygyň we maksatlara okgunlylygyň nyşany bolup gelipdir. Ahal-teke bedewleri diňe bir milli buýsanjymyz däl, eýsem dünýä medeni mirasynyň gymmatly bölegidir. Olar türkmen topragynyň gözelligini, halkymyzyň zähmetsöýerligini we beýik arzuwlaryny alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysady, ylmy, medeni we jemgyýetçilik ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ösüşleriň bedew batly ýol bilen dowam edýändigini görkezýär. Döwrebap şäherler, täze önümçilik kärhanalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özgertmeler halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Döwletimiziň alyp barýan giň gerimli özgertmeleri netijesinde ykdysadyýetimiz berk binýada eýe bolýar, jemgyýetçilik durmuşymyz ösýär, ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bedew batly ösüş ýolunda öňe barýan Türkmenistan ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we maksada ygrarlylyk ruhunda terbiýeleýär. Bu bolsa döwletimiziň geljeginiň has-da berk bolmagynyň kepilidir.
Bedew batly, at-myratly Watanymyz — bu günki gün diňe bir ösüş ýolunda barýan ýurt däl, ol parahatçylygyň, ynanyşmagyň we beýik maksatlaryň mekanydyr. Şeýle Watanyň ogly-gyzy bolmak her bir raýat üçin çäksiz buýsançdyr.
Allanazarowa Leýli,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy



