«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly neşiriň birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemlenen işleri ýurdumyzyň ylmyny, taryhyny, syýasaty öwrenişini we jemgyýeti öwrenişi has-da ösdürmek üçin nazary hem-de amaly gymmatlyga eýedir.
Birinji toma girizilen makalalardyr, habarlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasy barada gürrüň berýär hem-de ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar astynda alnyp barylýan syýasata laýyklykda raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak boýunça beýik işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylyň wakalaryna hemmetaraplaýyn seljerme berilmegi kitabyň esasy ugrudyr. Şol ýyl ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky mundan beýläkki ösüşini kesgitleýän täze eýýamyň başlanýandygyny aňlatdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylan bu kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Onda at we geografik görkezijileri hem-de gysgaldylyp alnan sözleriň sanawyny özünde jemleýän ylmy-maglumat goşundysy bar.
Neşir talyplar, mugallymlar, alymlar we jemgyýetçilik-syýasy işgärler hem-de ýurdumyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik hem-de belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berip, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýär hem-de raýat jogapkärçiligi duýgusyny döredýär.