Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir şatlykly baýramçylyk — Bitaraplyk güni eziz Watanymyzda uly dabara bilen bellenilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy we şan-şöhraty barha belende galýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşniýetlili gatnaşyklaryň dowam edýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi diňe ýurdumyzda däl, eýsem Ýer ýüzünde ähmiýetli waka öwrüldi.
Halkara matematika olimpiadasynda Türkmen talyplary 20 medal gazandy
Şu nukdaýnazardan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Aýperi BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby