Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyz, halkymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda tassyklanan şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly joşgun, dabara bilen belleýär. Dünýäniň bu abraýly halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek tassyklanmagy bolsa halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy. Baky Bitaraplyk bu gün uly ösüşlere eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň buýsanjydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi.
Bu resminamada, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň wajypdygy, şeýle-de dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär. Baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda ylym-bilim, syýahatçylyk, ulag, energetika, ekologiýa, saglygy goraýyş pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Biziň hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hem sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň mundan beýläk hem üstünliklere eýe bolmagy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülşat HAÝYTMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



