Bitaraplyk – bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň sakasy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bu günki gününde türkmen halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlaýar. Älem içre ykrar edilen, eziz Watanymyzyň baky bitaraplygy il-ulusymyza özüniň erkinligini, bagtyýarlygyny peşgeş berdi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň tarapdary bolan ýurdumyz halkara abraýyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Indi çärýek asyr wagt bäri Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adyna eýe. Bu bagta ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasynyň esasynda, gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde eýe boldy.
Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Şeýlelik-de, ýurdumyz dünýä syýasatynda ilkinji gezek şeýle belent derejä eýe boldy. Ýurduň Bitaraplygy Türkmenistana beýleki ýutrlar bilen ähli ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda we syýahatçylykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açyldy. Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr. Ýene şeýle wakalaryň biri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegidir.
Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan işjeň daşary syýasaty diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň däl, eýsem, bütin dünýäniň syýasy ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Bitarap döwletiň milli Lideri hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň giňden dabaralanmasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläkde beýgelmesidir. Halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly alada edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de hemişe rowaç alsyn!
Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy


