Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy uludan tutular. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün mähriban halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy.Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 29 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär.Ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgertmeler, geçirilýän çärelerdir dabaralar, halkara forumlardyr maslahatlar, hem türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar, Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň türkmen diplomatiýasynyň abraý-mertebesini, ähmiýetini has-da belende galdyryp, ýokary ykrarnama eýe edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr — baky Bitaraplyk güni indi halkara derejesinde ginden bellenilýän baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligin baýramyna öwrülen «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn!
JENNET ARBAPOWA,
Daşoguz şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy