Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, halkymyzyň ruhy dünýäsini bezeýän şatlykly wakalaryň biri-biriniň yzyny üzmän dowam edýän günlerinde, ýurdumyzyň taryhynda ýene bir buýsançly sahypa açyldy. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyndan kemala gelen “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby türkmen halkynyň asyrlardan gelýän parahatçylyk söýüjilik ruhuny, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny hem-de geljege bolan ynamyny özünde jemleýän gymmatly eser hökmünde halkymyza sowgat boldy. Bu kitap milli baýramçylyklaryň dabaraly ruhuna sazlaşyp, halkymyzyň kalbyna aýratyn joşgun bagyşlady.
Bu eser Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň diňe bir döwlet derejesindäki ýörelge däl-de, eýsem bütin adamzat üçin möhüm bolan parahatçylyk taglymaty hökmünde kabul edilýändigini aýdyň görkezýär. Kitabyň her bir sahypasynda parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly gymmatly düşünjeler çeper we täsirli beýan bilen okyja ýetirilýär. Bitaraplygyň mazmuny diňe syýasy termin hökmünde bolman, eýsem ynanyşmaga, parahatçylyga we hyzmatdaşlyga çagyrýan durmuş filosofiýasy hökmünde açylyp görkezilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan birnäçe gezek ykrar edilmegi täze eserde aýratyn buýsanç bilen nygtalýar. Bu derejäniň taryhy ähmiýeti, onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmekde we ählumumy parahatçylygy berkitmekde eýeleýän orny giňişleýin seljerilýär. Kitap okyja Türkmenistanyň halkara giňişligindäki jogapkärli, açyk we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýandygyny görkezýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilmegi halkymyzyň bu esere bolan uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu duşuşyklarda Bitaraplygyň dünýäde parahatçylykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, döwletleriň arasynda ynanyşmagyň berkemegine hem-de dialog medeniýetiniň kemala gelmegine edýän täsiri giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň özboluşly ösüş ýoluna öwrüldi. Bu ýol türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän hoşniýetlilik däplerine, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de halkara giňişliginde jogapkärli hyzmatdaşlyga daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň kitapda öňe sürýän pikirlerinde Bitaraplygyň häzirki zaman dünýä syýasatyndaky aýratyn ähmiýeti çuňňur many bilen açylýar. Bitaraplyk durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylykly başlangyçlary durmuşa geçirmegiň hem-de möhüm halkara meselelerini ynanyşmak we dialog arkaly çözmegiň iň ygtybarly ýoludyr.
Ata Watanymyz özüniň ynsanperwer ýörelgelerine daýanmak bilen, ösüşden ösüşe tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek, döwletimiziň durnukly ösüşini berkitmek ýaly belent maksatlar täze eseriň her bir sahypasynda aýdyň duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri parahatçylygyň gymmatyny duýdurýan, ynanyşmagyň güýjüni açyp görkezýän hem-de türkmen halkynyň dünýä ýüzüne ýaýradýan nurana ýoluny çeper söz bilen beýan edýän ajaýyp döredijilik miwesidir.
Aýsona Ýusupowa,
Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi usulýetçisi



