Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi döwletimiziň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegini şertlendirdi. Birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň milli nusgasyny we tejribesini öňe çykardy. Arkadagly Serdarymyz döwletleriň we halklaryň parahatçylygyny pugtalandyrmaga we ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmäge hemmetaraplaýyn syýasy taýdan çemeleşmek bilen, dünýäniň şu meselelerini ygtybarly çözmegiň türkmen nusgasyny öňe çykardy.Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolnandan bäri geçen 30 ýylyň içinde, esasan hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä ýüzünde we daşary syýasatda gazanan abraýy, üstünlikleri, ýeten sepgitleri sanardan köpdür.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň esasyna öwrüldi. BMG-niň birnäçe resminamalarynda bellenilişi ýaly, Aşgabat parahatçylykly gepleşikleriň, halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bitaraplyk syýasatynda durmuş-ykdysady ösüşlere, jemgyýeti, döwleti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygymyz barha giňelýär.
Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň asylly häsiýetlerini we gadymy ýörelgelerini ýurduň daşary we içeri syýasatynyň özeninde goýýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly toýuna barýan günlerimizde ýurdumyzyň gün-günden ösüş-özgerişlere beslenýändigi başyňy göge ýetirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat – Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar.
Ýusupowa Togtaýaz
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy



