Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran, milli buýsanjymyza öwrülen şanly wakalaryň biri hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş sebitiň parahatçylygyna we durnukly ösüşine gönükdirilen taryhy ädim boldy. Bu şanly sene türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dabaralanmasy, halkymyzyň asyrlarboýy kemala gelen ynsanperwer ýörelgeleriniň netijeleridir.
“Bitaraplyk ýörelgämiz – ýagty ertä şanymyz” diýen çuňňur manyly şygar, türkmen döwletiniň we halkynyň saýlap alan özboluşly ýolunyň ähmiýetini doly açyp görkezýär. Bitaraplyk – bu diňe bir daşary syýasat ugruny aňlatman, eýsem ol biziň içerki syýasatymyzyň hem özeni, milli ösüşimiziň berk binýadydyr. Bitaraplyk ýörelgesi esasynda ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýar, halkara dawalaryň we jedelleriň parahatçylykly ýollar, diplomatik gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyna, dünýä giňişliginde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalmagyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bitaraplyk syýasatynyň miweleri bolsa ähli ulgamlarda aýdyň görünýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet durnukly ösýär, iri möçberli milli we halkara taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler hem Bitaraplygymyzyň berýän parahatçylykly we döredijilikli şertleriniň netijesidir. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilip, möhüm halkara forumlaryň, gepleşikleriň we duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Bitaraplyk – biziň geçmişimize sarpamyz, şu günümiziň bagtyýarlygy we ýagty ertirlerimize bolan berk ynamymyzdyr. Ol biziň milli şanymyz, mertebämizdir. Bu ýörelgä ygrarly bolmak bilen, biz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün edýäris.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyz “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany öňe sürdi we bu resminama 86 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edildi. Kararnamada BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdelerdir usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy.
Dünýä giňişliginde ynsan kalbynyň iň arzyly, iň mukaddes duýgularynyň biri – parahatçylykdyr. Ol asuda asmanyň astynda, abadan durmuşyň, döredijilikli zähmetiň we bagtyýar geljegiň kepilidir. Ynanyşmak bolsa, parahatçylygyň berk binýady, göwünleri birleşdirýän altyn köprüdir. Hut şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, bütin adamzat üçin taryhy ähmiýetli, çuňňur manyly waka boldy. Bu başlangyç türkmen halkynyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýyl Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň nyşany boldy.
Bu şanly ýyl – diňe bir senenama täzelenmesi däl-de, eýsem bütin adamzadyň kalbynda parahatlyga we özara düşünişmäge bolan umytlaryň täzeden oýanmagyna, dünýä halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna täze itergi berýän taryhy pursatdyr. Ol, her bir ynsany, her bir döwleti asuda geljegiň hatyrasyna agzybirlikde hereket etmäge çagyrýan belent mukamdyr.
Parahatçylyk – bu diňe bir uruşlaryň ýoklugy däl, eýsem ol göwünleriň rahatlygy, kalplaryň aram tapmagy, ynamyň we özara hormatyň dabaralanmagydyr. Ol, ýaş nesliň şadyýan gülküsi, eneleriň mähirli nazary, ýaşulularyň pähim-parasatly sargytlarydyr. Ynanyşmak bolsa, bu asylly maksatlara ýetmegiň açarydyr. Haçan-da döwletleriň, halklaryň, adamlaryň arasynda berk ynam bar bolsa, şonda düşünişmezlikler aňsatlyk bilen aradan aýrylýar, hyzmatdaşlyk üçin giň ýollar açylýar, umumy ösüş we abadançylyk gazanylýar. Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen bu ýylyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, halkara gatnaşyklarda ynanyşmak ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Aşgabat şäheri bolsa, ençeme ýyllaryň dowamynda sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde özüni tanadyp, möhüm gepleşikleriň, duşuşyklaryň we forumlaryň mekanyna öwrüldi. Bu, türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýen pähiminiň häzirki zaman dünýäsinde-de öz ähmiýetini ýitirmeýändiginiň aýdyň mysalydyr. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” biziň her birimize uly jogapkärçilik ýükleýär. Biz öz ýüreklerimizde parahatçylygyň we ynamyň çyralaryny ýakyp, ony daş-töweregimize ýaýratmalydyrys. Özara sylaşyk, düşünişmek, birek-birege goldaw bermek arkaly biz has-da jebisleşip, dünýämizi has ýagty, has asuda we has gözel edip bileris! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Goý, Bitaraplyk ýörelgämiz ýurdumyzy ýagty geljege alyp barsyn we halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýsyn!
Ogulsona Arazmedowa,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 3-nji çagalar bagynyň, terbiýeçi usulyýetçisi




