Türkmenistanda Çapar Pay arkaly indi EKitap sanly kitaphanasynyň abuna töleglerini onlaýn geçirmek mümkin.
Sanly hyzmatlaryň yzygiderli ösmegi bilen, Türkmenistanda onlaýn töleg we sanly mazmun (digital content) platformalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem giňeýär. Türkmenpoçta tarapyndan işlenip düzülen “Çapar Pay” ykjam goşundysynda indi täze bir mümkinçilik — “EKitap” elektron kitaphana hyzmatynyň abuna (podpiska) tölegini amala aşyrmak mümkinçiligi peýda boldy.
Çapar pay arkaly ekitap tölegi nähili geçirilýär?
Ulanyjylar indi bary-ýogy birnäçe aňsat ädim arkaly elektron kitaphana doly giriş alyp bilerler. Abuna tölegini geçirmek üçin diňe öň EKitap goşundysynda hasap açylan ykjam telefon belgisini girizmek ýeterlikdir. Bu sanly amal iň gysga wagtda, bökdençsiz ýerine ýetirilýär we ulanyjydan hiç hili goşmaça zähmet talap etmeýär. Okyjylaryň islegine görä üç dürli nyrhnama (tarif) meýilnamasy hödürlenýär: 3 aýlyk, 6 aýlyk we 1 ýyllyk abunalar.
Ekitap goşundysynyň mümkinçilikleri we aýratynlyklary
EKitap ykjam goşundysy – müňlerçe kitaby, habarlary we ylmy makalalary özünde jemleýän döwrebap we giňişleýin sanly kitaphanadyr. Bu hyzmat, ulanyjylara edebiýatlary diňe bir onlaýn görnüşde däl, eýsem eserleri enjamyna ýükläp oflaýn (internetsiz) okamak mümkinçiligini hem berýär.
- Goşundy okyjylara gaty giň sanly funksiýalary hödürleýär:
- Kitabyň ady, awtory ýa-da žanry boýunça tiz we amatly gözleg ulgamy.
- Okyjylaryň öz şahsy kitap ýygyndylaryny döretmek mümkinçiligi.
- Gowy gören eserlerini “Halaýanlar” sanawyna goşmak we soňra aňsat tapmak.
- Edebiýat we medeniýet baradaky iň täze maglumatlaryň yzygiderli çap edilýän ýörite habarlar bölümi.
Umuman alanyňda, “Çapar Pay” arkaly abuna töleg ulgamynyň goşulmagy, sanly mazmuna elýeterliliigi has-da ýeňilleşdirýär we Türkmenistandaky ulanyjylar üçin EKitap hyzmatynyň peýdalanylyşyny doly sanly we amatly derejä çykarýar.


