Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler halkara işewürlik gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Şol ugurda geçiriljek «CIET 2026» halkara maslahaty we sergisi hem möhüm halkara platformalaryň biri bolar. Çäräniň 3–5-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forumda dünýäniň 60 ýurdundan 800-den gowrak wekiliniň gatnaşmagy hasaba alyndy. Olar bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň, önüm öndürijileriň we pudak hünärmenleriniň gatnaşmagy garaşylýar.
Forumyň giň halkara düzümi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şert döredýär.
«Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş.»
«CIET 2026»-nyň esasy şygary — «Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş.»
Bu üç düşünje forumyň esasy maksadyny hem-de häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny özünde jemleýär. Innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, maýa goýumlaryň çekilmegi we önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär.
Forumda gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşi, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ulanmak hem-de halkara maýa goýumlaryny çekmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berler.
Energetika we himiýada täze mümkinçilikler
Forumyň möhüm ugurlarynyň biri energetika we himiýa pudaklarynda çuňňur gaýtadan işlemek tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolar.
Türkmenistanyň tebigy serişdelerini has ýokary goşmaça gymmatly önümlere öwürmek, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem halkara inženerçilik kompaniýalary we döwrebap enjamlary öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze önümçilik çözgütlerini ornaşdyrmak hem-de ekologik taýdan has netijeli tehnologiýalary ulanmak meseleleri üns merkezinde bolar.
Sanly gurluşyk we «akylly» şäherler
Häzirki zaman şäher gurluşygy diňe täze binalary gurmak bilen çäklenmeýär. Infrastruktura desgalaryny sanly dolandyrmak, energiýany tygşytly peýdalanmak, gurluşyk işlerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak we şäher gurşawynyň durnuklylygyny üpjün etmek hem möhüm ugurlaryň hataryna girýär.
Şu nukdaýnazardan, durnukly şäherleriň ösdürilmegi, sanly gurluşyk gurallarynyň ulanylmagy we «akylly» tehnologiýalaryň infrastruktura ornaşdyrylmagy «CIET 2026»-nyň esasy ugurlarynyň arasynda bolar.
Şeýle tehnologiýalar binalaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, olaryň ulanylyş netijeliligini hem artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesi hem häzirki zaman gurluşyk pudagynyň möhüm talaplarynyň biridir.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler
Halkara forumyň ýene bir möhüm ugry döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maýa goýum taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşyklydyr.
Serginiň dowamynda kompaniýalara gurluşyk tehnikalaryny, senagat enjamlaryny, täze tehnologiýalary we inženerçilik çözgütlerini görkezmek üçin mümkinçilik dörediler.
Işewürlik duşuşyklary bolsa türkmen we daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.
Şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegi täze maýa goýum taslamalarynyň döremegine, önümçilik mümkinçilikleriniň giňelmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine şert döredip biler.
CIET 2026 Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin näme aňladýar?
«CIET 2026» diňe bir täze tehnologiýalaryň ýa-da önümçilik enjamlarynyň görkezilýän sergisi bolmak bilen çäklenmeýär. Ol innowasiýa, maýa goýum we halkara hyzmatdaşlygy bir giňişlikde birleşdirýän işewürlik platformasy hökmünde çykyş edýär.
Dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleriň Aşgabatda bir ýere jemlenmegi Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Forumyň dowamynda dörediljek işewürlik gatnaşyklary geljekde täze taslamalaryň, tehnologiýa hyzmatdaşlygynyň we maýa goýum başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine esas bolup biler.
Şeýlelikde, «CIET 2026» Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara çäreleriň biri hökmünde öňe çykýar.
Didarowa Ajap
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


