Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde “CZN Burak Gurme” restoranynyň Türkmenistandaky şahamçasy açyldy. Açylyş dabarasyna ady belli bu konsept restoranyň düýbüni tutujy, “CZN Burak” ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan türk aşpezi Burak Özdemiriň hut özi gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda çykyş eden Burak Özdemir Türkmenistanda gelendigi üçin örän şatdygyny belledi.
Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Iordaniýada, Katarda, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Britaniýada ýerleşýän “CZN Burak Gurme” restoranlar torunyň millionlarça muşdagy bar.
Mundan beýläk bu restoranyň Türkmenistanda hem öz muşdaklary bolar.
Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasyny açmazdan ozal beren interwýusynda Türkmenistanyň öz işewürligini ösdürmek islän ýurtlarymyň içinde möhüm orun eýeländigini belläpdi.
Şeýle hem ol myhmanlara türk aşhanasynyň iň tagamly naharlaryny hödürlemäge hem-de olary türkmen aşhana däpleri bilen tanyşdyrmaga çalyşjakdygyny mälim edipdi.
CZN Burak Özdemir kim?
Asyl ady Burak Özdemir bolan CZN Burak, 1994-nji ýylyň 24-nji martynda Türkiýäniň Stambulda şäherinde doguldy, türk aşpezi we restauratory. Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Iordaniýada, Katarda, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Britaniýada ýerleşýän “CZN Burak Gurme” restoranlar torunyň millionlarça muşdagy bar.
CZN Burak, Sosial mediýa platformalary arkaly amala aşyrýan haýyr-sahawat taslamalary bilen tanalýar. Yer titremesi sebitlerinde berýän kömegi, mätäçlere azyk paýlanyşy we dürli sosial jogapkärçilik taslamalaryna goşantlary bilen köplenç gün tertibine gelýär.