Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär. Bu ugurda welaýatynyň etraplarynda ýerleşýän tohumçylyk merkezleriniň 67-sinde ýüpek önümçiliginiň başlangyç tapgyryna degişli işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Möwsümleýin işleriň çäginde bu merkezlere jemi 13 müň 691 sany gurçuk gutusy paýlanyldy.
Welaýat boýunça şu ýyl ýokary hilli 500 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pile öndürijiler bilen jemi 8 müň 700 şertnama baglaşyldy. Bu bolsa möwsümiň guramaçylykly we meýilleşdirilen ýagdaýda alnyp barylýandygyny görkezýär.
Ýüpek gurçuklarynyň ösdürilip ýetişdirilmeginde tut ýapraklary esasy iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, welaýatda tut nahallaryny köpeltmek we täze baglary döretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu bolsa geljek ýyllarda çig mal üpjünçiligini has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Şol sanda pile önümçiligi bilen baglanyşykly maglumatlaryň elektron ulgamda hasaba alynmagy, şertnamalaryň sanly görnüşde resmileşdirilmegi we degişli maglumatlaryň yzygiderli seljerilmegi işleriň has takyk we netijeli alnyp barylmagyna şert döredýär. Bu bolsa dolandyryş ulgamynyň açyklygyny we tizligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, sanlylaşdyrma önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hasabatlylygy güýçlendirmäge hem hyzmat edýär. Tut nahallarynyň ekilişi, gurçuklaryň ösdürilişi we pile ýygnalyşy baradaky maglumatlaryň elektron görnüşde alnyp barylmagy geljekki meýilnamalaryň has ylmy esasda düzülmegine mümkinçilik berýär. Şeýle usullar ykdysady netijeliligi ýokarlandyryp, pudagyň ösüşine oňyn täsir edýär.
Seýitmyradowa Ogulbagt
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby
Çeşme: Türkmenistan gazeti


