«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri ýörite işlenip taýýarlanan usul boýunça Garagum sährasynda ýerleşýän «Derweze» gaz krateriniň alawyny söndürýärler. Bu barada konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewanyň sözlerine salgylanýan «TASS» agentligi beýan etdi.
I.Lurýewa Türkmenistanyň «Derweze» gaz kraterinden çykýan zyňyndylary dolandyrmakda örän uly netijeleri gazanandygyny belledi. Netijede, hut şeýle usul kratere tarap barýan gaz akymynyň gutarmagyna getirer. Hünärmen ähli gaz gorunyň bar bolan guýular arkaly gazylyp alynjakdygyny tassyklady.
Konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghanasynyň müdiri bu usulyň ulanylmagynyň eýýäm kraterden çykýan metan zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyny gazanmaga mümkinçilik berendigini nygtady.
Ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän «Derweze» gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr uzaklykdaky Merkezi Garagumda ýerleşýär. Ýeri gelende ýatlasak, 1971-nji ýylda ozalky Sowet Soýuzynyň geologlary tarapyndan guýularyň burawlanmagy we gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi esasynda gaz käniniň üstünden baryldy. Şeýlelikde, garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelip, ol guýynyň çuňlugy 30 metre, diametri bolsa 60 metre ýetdi. Şol wagt geologlar gazdan zäherlenmäniň öňüni almak üçin ony ýakmak hakyndaky çözgüdi kabul edipdirler.