22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde teklip edilýän özgertmeler barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanan teklipler esasynda ýurdumyz boýunça Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan etraplaryny; Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç etrap hukukly şäherlerini; Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini; 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak teklip edilýär. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, Sadulla Rozmetow adyndaky, Aşyr Kakabaýew adyndaky, Gökçäge, Ataýap, Bereket hem-de Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçeleri döretmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.
Türkmenistan bilen Gazagystan ilkinji gezek serhetlerini kesgitlärler
Öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüş üçin ýurdumyzda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli, maksatlaýyn ulanylmagyny, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyny, maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyny, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşiniň gazanylmagyny we senagatlaşma derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny, iri döwrebap kärhanalaryň giň gerimde döredilmegini üpjün eder.