Şu gün — 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Halkara forumyna dünýäniň ençeme döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler — Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçturýan, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Türkmen halky bu gün Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden belleýär.



