Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm portaly Türkmenistanyň raýatlaryna bank kartyny elektron görnüşde resmileşdirmek üçin arza tabşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmat «Onlaýn hyzmatlar» — «Ykdysady, bank we maliýe ulgamy» bölüminde elýeterlidir hem-de «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky bilen bilelikde amala aşyrylýar.
e.gov.tm platformasynyň üsti bilen bankyň müşderileri ýaly, ýurduň beýleki raýatlary hem täze töleg kartyny almak üçin sargyt berip ýa-da öň bar bolan kartyny gaýtadan çykarmak barada ýüz tutup bilerler. Arzanyň sanly görnüşde tabşyrylmagy ulanyjylaryň wagtyny tygşytlaýar hem-de bölüme ilkinji gezek baryp görmegiň zerurlygyny aradan aýyrýar.
Portalyň özünde hyzmatdan peýdalanmak üçin ädimme-ädim görkezmeler ýerleşdirilendir. Maslahat almak üçin «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankyna +993 (12) 44-03-04 telefon belgisi arkaly ýüz tutup bolýar.
Bank kartlaryna onlaýn arzalary kabul etmek hyzmaty dürli döwlet hyzmatlaryny bitewi sanly gurşawda jemleýän e.gov.tm portalynyň elektron hyzmatlarynyň sanawyna girýär.



