Türkmenistanyň ýaşaýjylary indi jemagat hyzmatlary üçin tölegleri öýden çykman, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly birnäçe minutda amala aşyryp bilerler. Portalda hödürlenýän bu sanly hyzmat raýatlara wagt tygşytlamaga, nobata durmazdan töleglerini ýerine ýetirmäge we ähli hasaplaşyklaryny bir ulgamyň üsti bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Portal arkaly aşakdaky jemagat hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn geçirmek mümkin:
- Elektrik energiýasy we tebigy gaz;
- Suw üpjünçiligi hyzmatlary;
- Ýyladyş we ýaşaýyş jaý tölegleri;
- Ýaşaýyş jaýynyň hyzmat edilişi;
- Durmuş galyndylaryny çykarmak hyzmatlary.
Töleg geçirmek örän ýönekeýdir. Munuň üçin ulanyjy şahsy otagyna girip, degişli hyzmaty saýlaýar, zerur maglumatlary girizýär we bank karty arkaly tölegi tassyklaýar. Ähli amal birnäçe minutda ýerine ýetirilýär we hyzmat gije-gündiziň islendik wagtynda elýeterlidir.
Onlaýn töleg ulgamynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri wagt tygşytlamak bilen birlikde, ähli hasaplaşyklaryň aç-açan we ygtybarly saklanylmagydyr. Elektron töleg resminamalary ulgamda arhiwlenýär, bu bolsa ulanyjylara töleg taryhyny islendik wagtda barlamaga, maliýe hasaplaşyklaryna gözegçilik etmäge hem-de bergileriň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýär.
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda sanly hyzmatlaryň yzygiderli ösdürilmegi döwlet hyzmatlaryny ilat üçin has elýeterli, çalt we amatly edip, ýurdumyzda sanly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.



