Türkmenistanyň oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagydyr. Sebäbi oba hojalygy halkyň azyk önümlerine hem-de azyk we ýeňil senagatynyň çig mala bolan barha ýokarlanýan talabyny kanagatlandyrýan maddy önümçiligiň wajyp pudagydyr.
Oba hojalygy biziň her birimiz üçin örän möhüm bolan esasy maddy we energiýanyň başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak görnüşi bilen üpjün edýär. Bu üýtgeşik görnüşdäki energiýa her bir adamyň gündelik sarp edýän iýmit önümlerinde jemlenendir. Onuň we senagat önümlerini halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň ¾ bölegine barabardyr. Sonuň üçin hem halkymyzyň hal-ýagdaý derejesi esasan ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni bagkanyşyklydyr. Ekerançylyk ýer ýüzünde 1000-lerçe ýyl mundan öň döremek bilen adamzat jemgyýetiniň ýüze çykmagynda we onuň ösüp kämilleşmeginde uly ähmiýete eýdir. Ol özüniň ösüş taryhyny ilkidurmuş jemgyýetiniň ýönekeýje usullaryndan başlap, birnäçe basgançaklary geçip, häzirkizaman ýokary tilsimatly ekerançylyk derejesine ýetendir.
Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygy-nyň esasy ileri tutulýan pudaklaryna däneçilik, pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundyrçylyk we beýlekiler degişlidir.Hakykatdan hem ak bugdaýyň we ekerançylygyň ýüze çykan medeni merkezi bu biziň eziz Diýarymyz, mähriban ata Watanymyz güneşli Türkmenistandyr.
Näzikjemal Hojaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby