Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine «At agynan ýerinde toý bolar», «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar», «At çapmaz, bagt çapar» ýaly nesilden-nesle geçirilip, biziň şu günlerimize ýetirilen parasatly pähimler hem şaýatlyk edýär.» — diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda toplan ruhy hazynasynyň iň gymmatly bölegini düzýän ata-sözlerinde behişdi türkmen bedewlerimize-de aýratyn orun berilýär.
Ahalteke atlarymyz baradaky milli nakyllarda bolsa halkymyzyň durmuş tejribesi, ahlak ýörelgeleri jemlenendir. Şol paýhasly sözleriň arasynda «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen atalar sözi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu atalar sözi türkmen halkynyň durmuş baradaky çuňňur garaýyşlaryny özünde jemleýän, wagt geçdigiçe many taýdan has-da baýlaşýan paýhas çeşmesidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen atalar sözüniň aňladýan örän çuňňur manysy, pähim-parasada ýugrulan baý mazmuny barada söhbet etmek, diýseň ýakymlydyr.
Ertir — täze günüň, täze umytlaryň, täze mümkinçilikleriň nyşanydyr.
Ertir turmak — täze güne umyt bilen başlamakdyr.
Ertir säher — durmuşyň arassalanan, tämiz sahypasy.
Adam her ir säher bilen bilelikde durmuş kitabynyň täze sahypasyny açýar. Şol pursatda ir säher bilen ataňy görmek — ýagny ene-atanyň halyny soramak, olaryň razylygyny gazanmak, bereketli günüň açaryny tapmak diýmekdir. Ata — öýüň sütünidir, maşgalanyň diregidir, ýol görkezýän çyradyr. Ol ömür ýolunda ilkinji halypa, ilkinji ýol görkeziji bolup durýar. Ataňy görmek — ata-dogasyny almak, onuň ruhy güýjüne daýanmak, öz uluňy sarpalamakdyr. Ataňy görüp, onuň hal-ýagdaýyny soramak, salam bermek, razylygyny almak — adamyň içki dünýäsini arassalaýar, ýüregine rahatlyk berýär, onuň öwüt-nesihatyndan, tejribesinden, alkyşyndan ruhy güýç alýar. Ata dogasy, ata razylygy bilen başlanan gün bereketli bolýar. Diýmek, ir säher bilen ataňy görmek, täze günüň ilkinji ädimini mukaddeslik bilen ädimlemekdir.
Filosofik nukdaýnazardan seredilende, ata — başlangyçdyr. Her bir başlangyç bolsa, dowamlylygyň kepilidir. Atanyň keşbi bu ýerde diňe bir biologik ata bilen çäklenmeýär. Ol ululara hormatyň, geçmişe we däbe sarpanyň, ata-baba ýoluna wepalylygyň beýanydyr. Ataňy görmek — kökleriňi tanamak, özüňiň kimdigiňe düşünmekdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, ata bu ýerde diňe bir biologik düşünje däl. Ol ata-babalaryň ruhy, geçmişiň paýhasy, nesilleriň arasynda dowam edip gelýän edep-ahlak ýoludyr. Ataňy görmek — kökleriňi tanamakdyr.Kök bolmasa, daragt bolmaýar; çeşme bolmasa, derýa akmaýar. Ataňy görmek — köküňi tanamakdyr. Köküni tanaýan adam öz ýolunda azaşmaýar,
Atalar sözünde ataňy görmek maddy aladalardan öňe geçirilýär. Bu bolsa halkyň milli ruhy gymmatlyklar ulgamyny açyp görkezýär: ruhy baýlyk maddy baýlykdan ýokarydyr. Ata-enä hormat goýulmadyk öýde baýlyk hem bereket getirmeýär. Ata-dogasy bolmadyk ýol bolsa, uzak görünsede, maksada ýetirmeýär. Şonuň üçin atalar sözi adama «Ilki ruhuňy arassala, soň dünýä bilen ýüzleş» diýýär.
Ataňy görmek — ata-dogasany almakdyr. Ata dogasy bolsa, görünmeýän ganat kimin adamyň egninde göterilýär. Ol adamy kyn günlerde ýykylmakdan saklaýar, ýol çatryklarynda dogry ýoly saýlamaga kömek edýär. Ata bu ýerde diňe bir bir şahsy aňlatma däl; ol geçmişiň sesi, ata-babalaryň ruhy, müňýyllyklaryň dowamynda synagdan geçen ahlak mekdebidir. Ataňy görmek — geçmiş bilen salamlaşmak, kökleriňe baş egmekdir.
Gürrüňi edilýän atalar sözi ilki ataňy görmegi öňe sürmek bilen, ruhy gymmatlyklary maddy aladalardan ýokary goýýar. Sebäbi ata-enä hormat goýulmadyk öýde bereket saklanmaýar. Ata-dogasy bolmadyk ýol bolsa, çägeli çöl kimin adamyny ýadadýar. Şonuň üçin bu atalar sözi adama «ir säher bilen atyňdan öň ataňy gör» diýýär. Bu bolsa ynsany perwaýsyzlykdan halas edýän beýik terbiýedir. Sebäbi ata dogasy bilen başlanan gün bereketli, rahat we rowaç geçýär.
Ataňdan soň atyňy görmek bolsa, adamyň öz jogapkärçiligini ýatladýar. Türkmen üçin at — jan ýoldaş, syrdaş. At — türkmen üçin diňe bir ulag däl, ol azatlygyň, zähmetiň, ýoluň nyşanydyr. Ata ýol görkezýär, ýöne şol ýoldan ýöremek, aty münüp öňe gitmek adamyň öz borjudyr. Adam ataňy görüp, onuň öwütlerini ýüregine düwüp, soň öz ýoluna düşmelidir. Bu ýerde «atyňy görmek» — işi tertiplemek, maksadyňy kesgitlemek, geljege taýyn bolmak diýmekdir.
Ataňdan soň atyňy görmek diýen jümle bolsa atalar sözüniň ikinji, has giň many gatlagyny açýar. At — türkmen durmuşynda aýratyn orun eýeleýän mukaddes jandardyr. Ol hereketiň, zähmetiň, ýol çekmegiň, azatlygyň nyşany bolupdyr. Ataňdan soň atyňy görmek — öz jogapkärçiligiňi ýerine ýetirmek, öz işiňe seretmek, öz ýoluna düşmek diýmekdir. Ata ýol görkezýär, ýöne şol ýol bilen ýöremek adamyň öz borjudyr.
Bu atalar sözünde durmuş tertibi örän paýhasly beýan edilýär: ilki ruhy gymmatlyklar, soň maddy aladalar. Ilki hormat, soň hereket. Ilki ata dogasyny almak, soň zähmet çekmek. Eger adam diňe atyny görüp, atasyny ýatdan çykarsa, onuň ýoly doly rowaç bolmaýar. Şeýle adam kökünden üzülýän daragta meňzeýär. Kökünden üzülýän daragt bolsa uzak ýaşamaýar. Şonuň üçin bu atalar sözi adamzat üçin ahlak kanunyna öwrülipdir.Hut şu nukdaýnazardan-da, «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen atalar sözi adamkärçiligiň beýik mekdebidir, ýaş nesli terbiýeleýän milli ýol-ýörelgedir. Çünki, bu nakyl adama sabyrly bolmagy, ululara hormat goýmagy, öz borjuňa jogapkärçilik bilen çemeleşmegi öwredýär. Şeýle terbiýe alan adam jemgyýetde hem sylag-hormata eýe bolýar. Sebäbi ata-enä hormat goýmak — ynsanyň ahlak beýikliginiň ölçegidir. Şonuň üçin-de, halkymyz gürrüňi edilýän atalar sözi arkaly nesilden-nesle hormaty, edebi, zähmeti we jogapkärçiligi miras galdyrypdyr.
«Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen parasatly atalar sözi her bir adamyň durmuş ýörelgesine öwrülmäge mynasypdyr. Ol bize ata-enä hormaty, ululara sylagy, öz borjumyza jogapkärçiligi öwredýär. Şeýle ajaýyp atalar sözi bilen terbiýelenen nesil ahlak taýdan berk, ruhy taýdan baý we geljege ynamly bolup ýetişýär. Ata dogasy bilen başlanýan ýol bolsa, elmydama nurly we rowaçly bolýar. Şonuň üçin-de, bu atalar sözi diňe bir geçmişiň sesi däl, eýsem häzirki döwrüň we geljegiň hem ýol görkezýän çyrasydyr. Ata-enä hormat goýýan, öz borjuna jogapkärçilik bilen çemeleşýän adam elmydama jemgyýetde sylag-hormata eýe bolýar. Şeýle adamlaryň köňli arassa, ýoly açyk, geljegi nurly bolýar. Ata dogasy bilen başlanýan her bir gün bolsa adam ömrüne bereket getirýär.Hut şu nukdaýnazardan-da, «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen parasatly atalar sözi adamkärçiligiň beýik mekdebidir.
Nurýagdy Goşaýew,
Oguzhan etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebiniň ýeňil atletika boýunça tälimçi mugallymy.



